Russiýanyň Sahalin adasyna gidýän syýahatçylara pul sowgady berler

10:1907.11.2020
0
1223

Russiýanyň Demirgazyk Ýuwaş ummanynda ýerleşýän Sahalin adasyna syýahatçylary çekmeklik üçin gyzykly kampaniýa başlandy. Dynç alyş maksady bilen Russiýanyň iň uly adasy Sahaline gidýän her bir syýahatça 20 müň rubl tölener.

Sahalin sebitleýin hökümet metbugat gullugy tarapyndan berlen maglumatda: “Sahalin we Kuril adalaryna gelýän her bir syýahatçynyň, myhmanhananyň, syýahatyň, transportyň bahasy 20 müň rubldan geçmeli däl” – diýlip bellenildi. Şeýle-de, maglumatda syýahatçylaryň sebite gelmeginiň gaty kyndygyny aýdylyp: “Moskwadan bir adamyň Sahalin sebitine dynç almak üçin gelmegi gaty kyn. Uzak aralyk sebäpli uçar çykdajylary gaty ýokary. Bu çykdajylary hemmeler çekip bilmeýär. Şonuň üçinem rus raýatlarynyň bu ýerde dynç almagy üçin hökümet tarapyndan 20 müň rubl tölener.

Adalarymyz özboluşly tebigata eýe. Her kimiň bu gözellikleri görmegini isleýäris.” – diýlip beýan edilýär.

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli  köp ýurt bilen uçuşlar bes edilenden soň, prezident Wladimir Putin ähli sebit häkimlerine içerki syýahatçylygy dikeltmegi tabşyrdy.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň