Türkmenistanda "Bagabat" atly hojalyk hasaplaşygynda işleýän täze şypahana işläp başlady

23:3906.11.2020
0
29533

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Bagabat» şypahanasyny bellenen tertipde döretmek hem-de şu şypahana hakyndaky tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Belläp geçsek, düýn Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän Aşgabadyň etegindäki Bagabat jülgesinde adybir şypahana açyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň bina eden şypahanasy ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän we birbada 200 adamyny kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň