Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ylmy maslahat geçirildi

18:0504.11.2020
0
10137

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda  ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahaty geçirildi. 

Golýazmalarda, türkmen edebiýatynda we gadymy taryhymyzda türkmen bitaraplygynyň ýörelgelerini hem-de taryhy köklerini beýan edýän ylmy çeşmeler baradaky alymlaryň eden çykyşlary daşary ýurt dilleri arkaly golýazmalary öwrenýän tejribeçi talyplar üçin has-da gyzykly boldy. Bu ylmy maslahatyň ýaşlarda ata Watanymyza bolan söýgüsiniň we ynamynyň mizemezliginde, buýsançlarynyň goşalanmagynda, ylmy gözlegleriniň kämilleşmeginde uly ähmiýeti bardyr.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň