Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda sebitiň iri logistika merkezi açyldy

14:1431.10.2020
0
1073

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy boýunça «Weli Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.

Bu ýerde 150 orunlyk naharhana, ýangyn söndüriji beket, awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýa, 1800-e golaý awtobusa, 800 taksä niýetlenen bassyrmalar, 4 sany hyzmat ediş hem-de tehniki dispetçer nokatlary, awtotürgenleşik meýdançasy bar.

Toplumda halkara ölçegleriň ýokary talaplary, hereket howpsuzlyk kadalary we bu edaralaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar göz öňünde tutuldy.

Sebitiň iri logistika merkezi bolan Awtoulag kärhanalar toplumy bilen Awtomobil mekdepleri birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi hem şu möhüm wezipeleri çözmäge ýakyndan hemaýat eder. Goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge, ýol hereketiniň howpsuzlygyny kämilleşdirmäge ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň