Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― ESKATO gepleşikleri geçirildi

23:3828.10.2020
0
3625

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirildi. Sebit onlaýn maslahatynyň çäklerinde ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň maglumatlaryny ulanmak meselelerine bagyşlanan wezipeler we ilatyň tebigy hereketini hasaba almagy görkezijileri we analitik ugurlary ölçemek üçin ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ESKATO, tutuş BMG ýaly, Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny goldaýar. Bu syýasat dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmegiň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Bu duşuşykda netijeli hyzmatdaşlygyň we ony Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlary ilerletmegiň mümkinçilikleriniň meseleleriniň giň toplumy we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda DÖM-niň görkezijilerini, döwlet maglumatlaryny we ilatyň hem-de ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň maglumatlaryny döretmek üçin gurallary ulanmagyň meselelerini mundan beýläk-de işläp düzmek barada pikir alşyldy. Ahyrky netijede, DÖM-niň maglumatlarynyň kesgitlenmegine we hasaplamagyň usullaryna umumy düşünişmek gazanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň