Aşgabatda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy.

23:3528.10.2020
0
11992

Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy.

Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Milli Liderimiz awtoulagyna münüp, ulanmaga berlen tonnelden geçdi, soňra merkezinde “Mahabat” binasy oturdylan aýlawly çatrykdan aýlanyp, paýtagtymyzyň uly ýollarynyň ikisiniň täzelenen ugry boýunça hereketiň açylmagyna badalga berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek türkmen telekeçilerine ynanyldy.

Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag duzuminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.

S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde özboluşly kub görnüşindäki “Mahabat” binasy oturdylyp, onuň boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguzhanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler. Binanyň 5 metrlik sütünini hasaba almak bilen, onuň umumy beýikligi 21 metre barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň