Soňky habarlar

Arhiw

Keçe bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

13:2328.10.2020
0
6226

Türkmenabat şäherinde «Gülüň owadan» atly bäşleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşigini Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden çäresine etraplardan keçe basmak senedi bilen meşgullanýan zenalar gatnaşdylar. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Olar bellenilen wagtyň dowamynda türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglaynyşykly işleri ýerine ýetirmek, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, olaryň ulanylyşy barada gürrüň bermek, keçä gül salmak boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Şonuň ýaly-da, keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, keçä salynýan nagyşlaryň, gülleriň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary aýtmak boýunça hem ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar, gatnaşyjylara bolsa ýadygärlik sowgatlry gowşuryldy. Ýeňiji bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaş

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň