Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen-Tranzit" web sahypalary döretmek we dizaýn hyzmatyny hödürleýär

12:4227.10.2020
0
11814

Internediň ösmegi we gündelik durmuşymyza sanly ulgamyň ornaşmagy bilen, köp edaralar we aýry-aýry telekeçiler öz web sahypalaryny döretmek zerur diýen netijä gelýärler, bu müşderilere diňe kompaniýanyň işleri we önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik bermän, eýsem hyzmatlar bilen tanyş bolmaga we satyn almaga mümkinçilik berýär.

Diňe az sanlysy özbaşdak web sahypasyny döredip biler, şol sebäpli hünärmenlere ýüzlenmeli bolýar. Mysal üçin, "Türkmen-Tranzit" kompaniýasy, IT hyzmatlaryny bermekde 10 ýyldan gowrak wagt bäri toplan uly tejribesi bilen, türkmen bazarynda başarnykly hyzmatlary berip gelýär. Kompaniýa tarapyndan hödürlenýän bu hyzmatlaryň biri, saýtlaryň başdan ýagny “nuldan” döredilmegidir. “Türkmen-Tranzit” hünärmenleriniň “sanawynda”, Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynyň, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, “World Express Cargo Logistic Limited” logistika kompaniýasynyň, “Ýewropa Dermanlar” derman kärhanasynyň saýtlary şeýle-de “Paymob” kompaniýasy üçin üç sany web sahypany, “Sharafyabi” onlaýn dükanyny, Türkmenistanda hereket edýän BMGÖM üçin ykjam programmasyny döretmek we başgalar bar. 

"Türkmen-Tranzit" kompaniýasynyň hünärmenleri, müşderileriň ähli isleglerini göz öňünde tutup, islendik görnüşdäki saýtlary döretmäge kömek edýärler. 

Ortaça, bir web saýtyny döretmek, orta hasap bilen, ("wizitka" ýaly ýönekeý web sahypa barada aýdanymyzda)  koperatiw web sahypasy, onlaýn dükan, internet dükan, blog, harytlaryň we hyzmatlaryň sanawy we ş.m. döredilýän bolsa, şeýle web sahypasyny döretmek üçin alty aýdan gowrak wagt gerek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň