Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi

23:4422.10.2020
0
7752

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň barşyny, şolarda degişli bezeg işlerini geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işleriň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini hem-de innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, binagärlik we şähergurluşyk babatda iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti özgertmeleriň gerimi barada aýdyp, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabatda bina edilen “Diwan” myhmanhanasynyň içki bezeg işleri, otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy we ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalarynyň aýratynlyklary barada habar berildi.

Şeýle hem şu günler gurluşygy batly depginde dowam edýän “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, onuň bezeg aýratynlyklary hem-de abadanlaşdyrylyşynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň aýratynlyklary hakynda hasabat berildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ähli binalarda, şol sanda gurulýan myhmanhanalarda hem bezeg işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany gurluşyk işleri tamamlanan merjen paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň özboluşly binagärlik keşbe eýe bolandygyny belledi.

Gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy hem-de olaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagy esasy talap bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti desgalaryň gurluşygyna, olary dabaraly ýagdaýda açmaga görülýän taýýarlyk işlerine hem-de eziz Diýarymyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmäge yzygiderli gözegçiligi üpjün etmek barada görkezmeler berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň