Soňky habarlar

Arhiw

GDA agza döwletleriň teatr režisýorlarynyň halkara onlaýn-duşuşygy geçirildi

23:2720.10.2020
0
4586

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn görnüşde GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režissýorlarynyň halkara döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy gaznasynyň (HYHG) ýardam bermeginde guralan wideoforuma Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi, HYHG-niň müdiriýetiniň bilelikdäki başlygy, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşinde Russiýa Federasiýasynyň wekili M.Şwydkoý, HYHG-niň ýerine ýetiriji direktory A. Iksanow gatnaşdylar.

Wideomaslahata Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň medeniýet işgärleri, meşhur režissýorlary hem-de esasy teatrlarynyň çeper ýolbaşçylary işjeň gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda wideomaslahat-aragatnaşyk boýunça geçirilen duşuşyga milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, türkmen tarapyndan Medeniýet ministrliginiň, teatrlaryň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler häzirki zaman teatry, tomaşaçylar bilen özara baglanyşyk, nusgawy we döwürdeş ýazyjylaryň eserlerini sahnalaşdyrmakda režissýorlaryň eýeleýän orny, teatr sahnasynda dünýäniň halklarynyň rowaýatlary ýaly ugurlardan hem-de teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň beýleki meselelerinden ybarat boldy.

Bellenilişi ýaly, teatr hemişe gyzykly bolar. Biziň häzirki durmuşymyzyň hemişelik aladasyna we güýçli depginine garamazdan, hakyky aladalardan dynç almak we sungatyň ajaýyp dünýäsinden lezzet almak üçin adamlar teatra barmaga wagt taparlar.

Şeýle hem çykyşlarda GDA-nyň çäklerinde köp ugurly hyzmatdaşlyk etmegiň, tutuş Ýewraziýa yklymynda durnuklylyk we howpsuzlyk ugrunda çykyş edýän Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň aýrylmaz tarapy hökmünde ynsanperwer düzümleriň möhümdigi nygtaldy.

Gararaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy maksadalaýyk giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, medeniýet ulgamynda-da gatnaşyklaryny ösdürýär.

2012-nji ýylda Aşgabatda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy ýokary derejede geçirildi. Şol ýylda hem Mary şäheri, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheri Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Munuň özi medeniýetleriň we özboluşly däpleriň özara baýlaşmagyna täze itergi berdi.

Ýurdumyzyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy ýola goýlan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, medeni taýdan gelip çykyşynyň köpdürlüligini, milli mirasy wagyz etmek üçin uly ähmiýete eýe boldy.

Häzirki duşuşyga gatnaşyjylar şeýle forumlary geçirmek işini dowam etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu bolsa ynsanperwer ulgamda Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň