Soňky habarlar

Arhiw

«Algany» ýeňen «Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň kubogy ugrundaky ýaryşda finala çykdy

15:1119.10.2020
0
4400

«Abdyş-Atanyň» futbolçylary Gyrgyzystanyň kubogynyň ýarym finalynda «Algany» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 45-nji minutda Maksat Alygulow geçirdi.

«Abdyş-Atanyň» türkmenistanly futbolçylary ― derwezeçi Rahat Japarow bilen goragçy Ata Geldiýew esasy düzümde meýdana girip, tutuş duşuşygyň dowamynda oýnadylar. Gazanylan ýeňişde 24 ýaşly türkmenistanly derwezeçiniň paýy has uludyr. Ol duşuşygyň bütin dowamynda derwezäni sak gorady.

«Abdyş-Ata» finalda «Alaý» futbbol topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 22-nji oktýabrda Kant şäherindäki Merkezi stadionda geçiriler.

Gyrgyzystanyň kubogyna mynasyp bolan toparyň AFK-nyň kubogy ― 2021-e saýlama tapgyrdan gatnaşyp biljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň