Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy wirtual bilim sergisine çagyrýar

22:0314.10.2020
0
26222

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy sizi ABŞ-nyň ilkinji wirtual bilim sergisine gatnaşmaga çagyrýar.

Sergi 17-nji oktýabrda sagat 15:00-dan 19:00-a çenli onlaýn görnüşde geçiriler. Sergi baradaky jikme-jik maglumatlar myhmanlar hasaba alnandan soň berler.

Ilçihananyň metbugat beýanatyna görä, sergä gatnaşmak üçin oňa ýazylmak şerti hökmanydyr. Sergä şu salgy arkaly ýazylyp bilersiňiz. Oňa baryp görmek mugt.

Bu sergide 100-den gowrak bakalawr, aspirantura, doktorlyk we iňlis dili okuwlaryny hödürleýän ABŞ-nyň 60-dan gowrak uniwersiteti gatnaşar. Olaryň ählisi daşary ýurtly talyplara maddy kömegini hödürleýär. Sergi wagtynda uniwersitetleriň dürli mowzuklaryndaky webinarlary bilen tanyşmak, olaryň wekilleri bilen göni ýaýlymda sowal-jogap alyşmak mümkin bolar.

Wirtual sergi şu aýratynlyklara eýe bolar:

  • adaty serginiň ähli mümkinçiliklerini berýän amatly onlaýn görnüş;
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna talyp wizasyny almak üçin maslahat; 
  • diňe akkreditlenen ABŞ uniwersitetlerine girmek mümkinçiligi;
  • ähli uniwersitetlere olaryň kabul ediş toparynyň agzalarynyň wekilçilik etmegi;
  • kabul ediş, maliýe goldawy boýunça saýlaw toparynyň agzalary bilen onlaýn aragatnaşyk;
  • uniwersitetleriň webinarlary;
  • şahadatnamalar, synaglara girmek üçin mugt rugsatnamalar we beýlekiler.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň