Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Marynyň Kemine adyndaky drama teatry täze spektakl taýýarlaýar

09:4814.10.2020
0
5464

Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň "Janserek" pýesasyny sahnalaşdyrmagyň üstünde işleýärler.

Teatryň çeper ýolbaşçysy  A.Gullarow ýakyn wagtda boljak premýera barada "Türkmenportalyň" habarçysyna aýdyp berdi.

Dramanyň sýužeti baky filosofiki mesele - durmuşyň manysyny tapmak meselesini gozgaýar. Baş gahryman ýetimler öýünde terbiýelenen heýkeltaraş Nazar. Ömürboýy iň eziz adamy – ejesiniň keşbini hyýalynda suratlandyryp gezýär. Şol şekili daşdan oýup janlandyryp bilermi? Belki-de ejesi diridir? Belki-de ejesi onuň öňünde peýda bolar we ol ony hut öz gözleri bilen görüp biler? Ýogsa-da durmuş biderek geçdimi? Tomaşaçylar, oýnuň gahrymanlary bilen bilelikde bu soraglaryň hemmesine jogap tapmaga çagyrylýar.

Sahnanyň bezegleri, aýratyn effektler we geýimler ussat aktýorlaryň oýnuna has-da gelşik berýär we spektaklyň dramatikligini artdyrýar.

Türkmenistanyň at gazanan artisti M.Rüstemow sahnada baş keşbi janlandyrar. Spektaklda Türkmenistanyň abraýly sungat işgärleri N. Mollaýewa, M. Nazzýew, N.Nazarowa hem gatnaşýar.

Spektaklyň premýerasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda dekabr aýynda meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň