«Iş nokady» «Mobilografiýa» okuwlaryny açýar

11:2913.10.2020
0
6154

Aşgabadyň «Iş Nokady» koworking merkezinde häzirki zaman smartfonlary bilen surata düşürmegi halaýan höwesjeňler üçin täze «Mobilografiýa» okuw maksatnamasy açyldy. 

Täze okuw öz surat eserlerini Internetde («Facebook», «Vkontakte», «Instagram» we ş.m.) goýmak isleýänler üçin hem peýdaly bolar. Has takygy, gözellik we konditer hyzmatlarynyň wekilleri bu okuwlardan peýdalanyp, öz işlerini has täsirli mahabatlandyryp bilerler.

Bu ýerdäki okuwlar iki tapgyrda meýilleşdirilýär:

Birinji tapgyr ― 14-nji oktýabrda;

Ikinji tapgyr ― 21-nji oktýabrda başlanar.

Okuwy profesional suratçy Sergeý Mirzoýew alyp barar.

Okuwlar barada has doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň