Türkmenistanly saglygy goraýyş işgärleriniň we daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesine hormatly atlar hem-de döwlet sylaglary gowşuryldy

23:2510.10.2020
0
8074

Myrat Garryýew döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleri we lukmançylyk senagaty gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çäräniň çäginde, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, hormatly atlar we döwlet sylaglary bilen sylaglanan saglygy goraýyş işgärlerine mynasyp bolan sylaglary gowşuryldy. Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesine bu uniwersitetiň hormatly professory derejesi berildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň Gutlagyny höwes bilen diňlediler. Duşuşykda Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynda gazanan üstünlikleri barada gyzykly pikir alyşma geçirildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynda toplan oňyn tejribesi dünýä jemgyýetçiligi we abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň iň uly gurluşlary — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy we beýlekiler tarapyndan ykrar edildi diýlip maslahatdaky çykyşlarda aýyldy.

Umumy mejlisiň ahyrynda ýurdumyzyň iň gowy saglygy goraýyş işgärlerine we daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesine hormatly atlar we döwlet sylaglary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň