109 ýyllyk şereket ikä bölünýär

14:3409.10.2020
0
1033

ABŞ-nyň dünýä belli tehnologiýa şereketi IBM ikä bölüner. 109 ýyllyk taryhy bolan şereketiň maglumat merkezleri üçin tehniki goldaw berýän informatika tehnologiýa bölümi 2021-nji ýyldan başlap, täze at bilen täze şereket hökmünde hereket eder. Bu barada “Reuters” habar berýär. Şereket şeýle etmek bilen IBM brendiniň astynda bulut hem-de awtomatlaşdyrma işlerine has köp üns bermekçi bolýar. Şereket geçen ýylda “Red Hat” bulut ulgamynda hyzmat edýän şereketi 34 milliard dollara satyn alypdy. Firma bu ugurda 115 ýurtda iş alyp barýar. Häzirki wagtda IBM-iň umumylykda 352 müň işgäri bar. Täze esaslandyryljak şereketde bolsa 90 müň adam işlär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň