Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hatyra gününi belleýär

16:2806.10.2020
0
7410

Şu gün – 6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurduň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär.
Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly tebigy heläkçilikleriň biri bolan şol aýylganç gijede müňlerçe türkmenistanlylar, şol sanda milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň uruş weterany, öz ömrüni ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işe bagyş eden mugallym Berdimuhamet Annaýew hem wepat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň