Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky muzeýde ses ýazgyly gezelenç hyzmaty ýola goýlar

10:5305.10.2020
0
7298

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sesli gezelenç ulgamy işlenip düzülýär.

Täze hyzmat muzeýiň bölümlerine gezelenç edilende ulanmak üçin ozal ýazylyp goýlan audioýazgylardan peýdalanmakdan ybaratdyr. Has takygy, muzeýe gelen adam audioýazgyly enjamlaryň birini ýanyna alyp, ähli bölümleriň işi bilen doly tanyş bolup biler. Ses ýazgylary muzeýiň taryhyndan başlap, gurluşy, bölümler baradaky maglumatlary öz içine alýar.

2011-nji ýylda açylan muzeýiniň gaznasynda 11 müňden gowrak arheologiki we etnografik gymmatlyk bar. Muzeý häzirki zaman tehniki serişdeleri, şol sanda «akylly» wideo monitorlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň