Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş ugurlaryna gönükdiriler

10:0825.09.2020
0
10594
Türkmenistanyň Prezidenti: döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş ugurlaryna gönükdiriler

Döwlet býujetinden gelýän serişdeleriň köpüsi durmuş ugurlaryna gönükdiriler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutany býujet serişdeleriniň 70 göteriminden gowragynyň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin sarp edilýändigini aýtdy.

— Geljek ýyl, döwlet býujetiniň hasabyna maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdireris — diýip, döwlet Baştutany aýtdy. — Munuň bilen birlikde, ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ösdürmek üçin bölünip berlen karz serişdeleriniň mukdaryny köpeltmek, kiçi telekeçiligi höweslendirmek, ilat üçin karz we maliýe çeşmelerini köpeltmek zerur.

Şeýle hem milletiň Lideri döwlet býujetinden bölünip berilýän serişdeleriň köpüsiniň bilim, saglygy goraýyş we Pensiýa gaznasyna gönükdiriljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň