Türkmenistanda 27-nji sentýabrdaky dynç güni 28-nji sentýabra geçirildi

21:3724.09.2020
0
10957
Türkmenistanda 27-nji sentýabrdaky dynç güni 28-nji sentýabra geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli dynç gününi yza süýşürmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama görä, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň ýekşenbe gününe düşýänligi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölümine laýyklykda 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç güni 2020-nji ýylyň 28-nji sentýabryna geçirilýär.

Resminamada  bu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmelidigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň