Luis Suares “Barselonadan” “Atletiko Madride” transfer boldy

12:5324.09.2020
0
950

Urugwaýly meşhur hüjümçi Luis Suares karýerasyny “La Liganyň” başga bir klubunda dowam etdirer. 33 ýaşly golçy “Barselonadan” “Atletiko Madride” transfer boldy. “Atletiko Madrid” Luis Suaresiň transferi üçin “Barselona” 6 million ýewro tölär. Bu goşmaçalar bilen artyp biler. Ýyldyz hüjümçiniň madridliler bilen 2 ýyl şertnama baglaşandygy habar berildi. Ol täze klubundan ýyllyk 10 million ýewro alar. Ol Barselonada geçiren 6 möwsüminde 283 duşuşykda meýdança çykdy. Ol bu oýunlarda 198 gol geçirip, 109 gola-da asistlik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň