Türkmenabat şäherindäki monitorlarda ýol hereketiniň düzgünleri wagyz edilýär

10:1524.09.2020
0
1221

Türkmenabat şäherinde ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmekde, olary dogry we doly berjaý etmegi wagyz etmekde mahabat monitorlaryndan hem peýdalanylýar — diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Wideoşekilleriň, suratlaryň, ýazgylaryň kömegi bilen ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisi üçin peýdaly maglumatlar monitorlara çykarylýar. Olarda Türkmenistanda hereket edýän kadalaryň berjaý edilmeginiň ynsan saglygyny gorap saklamakdaky, rahatlygymyzy üpjün etmekdäki ähmiýeti düşündirilýär. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň maslahat bermekleri we gatnaşmaklary bilen taýýarlanylan bu görnüşler ähli ýaşdaky adamlar üçin düşnüklidir. Özboluşly şekiller bilen bezelen görnüşler hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Olar «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilýän günlerinde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň