Soňky habarlar

Arhiw

«Güneşli Zaman» kompaniýasy mugt maslahat berýär

15:1322.09.2020
0
13344

Gozgalmaýan emläk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän «Güneşli Zaman» kompaniýasy gozgalmaýan emläkleri satyn almak, satmak ýa-da kärendesine almak (bermek) isleýän her bir adama mugt maslahatlary berýär.

Gozgalmaýan emläk bilen bagly işleri durmuşa geçirmezden ozal «Güneşli Zamanyň» geňeşçileri müşderä şol desga barada doly maglumat berýär. Bu maglumatlar satuwa taýýarlyk işlerini, şertnamalary baglaşmagyň basgançaklaryny, resminamalary dogry taýýarlamagyň ýollaryny we beýlekileri öz içine alýar. Maslahat beriş hyzmatlary size köp binalaryň arasynda iň mynasybyny saýlamaga hem ýardam berer.

Gozgalmaýan emlägiň eýeleri üçin öýüň ýa-da desganyň ähli artykmaçlyklaryny we bähbitli taraplaryny beýan etmegiň ýollary maslahat berilýär. Şeýle geňeşmeleriň dowamynda niýetleriň çynlakaýlygy, resminamalaryň taýýarlyk derejesi, bahasy, şeýle hem marketingiň gönüden-göni taraplary aýdyňlaşdyrylýar. Has takygy, satyn ýa-da kireýine alyjylary höweslendirmegiň ýollary düşündirilýär.

Şeýle hem «Güneşli Zamanyň», geňeşçileri desganyň eýesiniň gowy, satyn alyjynyň bolsa elýeter bahadan satyn almak islegini göz öňünde tutup, iki tarapa-da ortalyk netijä gelmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, bahalar barada taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylýar.

«Güneşli Zaman» kompaniýasynyň hünärmenleri diňe bir şertnama baglaşylanda we resmi kagyzlara gol çekilende däl, eýsem, müşderileriň geleşikden doly kanagatlanjakdygyna ynanýarlar.

Kompaniýanyň web saýtynda gozgalmaýan emläk desgalarynyň köp görnüşini öz içine alýan onlaýn katalogy görüp bilersiňiz.

«Güneşli Zaman» kompaniýasynyň aýratyn sargytlar boýunça jaý gurmak bilen hem meşgullanýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň