Top.Mail.Ru

“MB Shoes kompaniýasy” Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde aýakgaplaryň täze modellerini görkezdi

17:0621.09.2020
0
18392

19-njy sentýabrdan 20-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde “MB Shoes” kompaniýasy bu möwsümde ýörgünli boljak aýakgap täzeliklerini görkezdi.

Täzelikleriň içinde “Meňli shoes” haryt nyşanly aýal-gyzlar üçin niýetlenen aýakgaplar hem-de çagalar aýakgaplary, şeýle hem “Mb shoes” haryt nyşanly erkekler üçin niýetlenen deri aýakgaplarynyň täze görnüşleri bar.

Italýan dizaýnly arassa deriden edilen model aýakgaplaryň bahasynyň elýeterli bolmagy bu kompaniýanyň önümleriniň esasy aýratynlygydyr. Aýakgap önümçiliginde ýokary hilli ýerli çig mal ulanylýar. Şeýle hem sergide içerki sarp edijileriň arasynda eýýam meşhurlyk gazanan erkek aýakgaplarynyň MВ Shoes aýakgaplarynyň meşhur görnüşleri: Classic, Comfort, Sport, VIP Classic, VIP Comfort görkezildi.

Kompaniýanyň esasy maksady ýurduň içerki bazaryny daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen doldurmak, ondan soňra bolsa daşary ýurda eksport etmek üçin şert döretmekden ybarat.

“Mb shoes” kompaniýasy “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň düzümine girýär, bu hojalyk jemgyýeti dizaýn we gurluşyk işleri, restoran işi, deri we haly önümçiligi bilen hem meşgullanýar.

Ozal biz "Muhammet-Balkan" hojalyk jemgyýetiniň welaýatlarda möhüm durmuş ähmiýeti bolan awtomenzilleri  gurýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň