Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Muhammet-Balkan" hojalyk jemgyýeti welaýatlarda möhüm durmuş ähmiýeti bolan awtomenzilleri gurýar

12:3403.09.2020
0
12528

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 6-njy fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap ýolagçy awtomenzillerini gurýar. Möhüm durmuş ähmiýeti bolan bu menziller «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag»,

«Daşoguzawtoulag», «Lebapawtoulag», we «Maryawtoulag» önümçilik birleşikleriniň buýrujy bolmagynda gurulýar.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurulýan awtomenzillerde iň döwrebap tehnologiýalar ulanylar. Şu günler hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýurdumyzyň 4 welaýatynda birbada bu işleri alyp barýarlar.

Aşgabatdaky halkara awtomenziliň gurluşygynda baý tejribe toplan «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri welaýat merkezlerindäki menzilleriň taslamalaryny hem çylşyrymly arhitektura aýratynlyklaryna baý görnüşde işläp taýýarladylar. Bäsleşik toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan taslamalarda häzirki zamanyň ösen tejribesi milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyryldy. Şeýlelikde, ýakyn günlerde welaýat merkezlerinde ähli amatlyklary bolan, ýolagçylar üçin has oňaýly şertler göz öňünde tutulan awtomenziller gurlup, ulanylmaga berler.

Döwrebap menzilde dolandyryş binasy, duralgalar bilen birlikde häzirki zaman bezegleri bolan garaşylýan zaly, garbanyşhanalary, hyzmat ediş nokatlaryny we  sanly ulgam arkaly beýleki ýokary derejeli hyzmat bölümlerini gurmak meýilleşdirilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň