Türkmenistanyň wekiliýeti Ýelabugadaky çeperçilik taslamasyna gatnaşýar

12:5419.09.2020
0
2680
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýelabugadaky çeperçilik taslamasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 15 — 25-nji sentýabr aralygynda Tatarstanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Ýelabugada geçirilýän TASSR-yň 100 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik taslamasyna gatnaşýar.

“Tatar-inform” neşiriniň habaryna görä, bu sergi-taslamasyna Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Finlýandiýanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň wekilleri, şeýle hem Russiýanyň 19 ülkesinden 40 sany meşhur suratkeş gatnaşýar.

Forumyň çäginde oňa gatnaşyjylar surat we grafika görnüşlerinde berlen mowzuklar boýunça eser dörederler. Olaryň täze eserleri 25-nji sentýabr güni taryhy sungat muzeýinde açyljak sergide görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň