Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy jins toplumy täze önümçilikleri ýola goýýar

22:2416.09.2020
0
27189

Aşgabatdaky Türkmenbaşy jins toplumy mekdep okuwçylary üçin gabardin matasyndan mekdep balaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada «Biznes Türkmenistan» elektron neşiri habar berýär.

Toplumyň tikin fabriginiň meýilleşdiriş bölüminiň hünärmeni Nurjahan Begjanowanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren habarynda bu ýerde her aýda dürli görnüşli egin-eşikleriň 130 müň, her ýylda bolsa 1 mln. 560 müň sanysynyň öndürilýändigini aýtdy. Şol sanda, jins matasyndan erkekler, zenanlar we çagalar üçin dürli görnüşli jalbarlary, köýnekleri, keltekçeleri we kelte balaklary tikýärler. Tikin fabriginde iki çalşykda 900-den gowrak zenan işgärler zähmet çekýärler.

2016-njy ýylda toplumda “BEDEW” haryt nyşanly jins egin-eşikleriň ulgamy işe goýberildi. Şeýle-de bu ýerde müşderileriň sargydy boýunça işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda olardan Russiýanyň “F5”, “Metoday”, “Zolla”, “Modis” hem-de Türkiýäniň “Colin’s” we “Soviet” ýaly kompaniýalar bar.

Ulanylýan innowasion tehnologiýalar islendik dizaýnerçilik çözgütleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin lazeriň kömegi bilen 90 sekundyň dowamynda jins önümlerine dürli nagyşlar, gradientler, nyşanlar we beýleki şekiller goýulýar.

Jins toplumy özüniň söwda ulgamyny giňeltmegi dowam edýär. Aşgabatda hereket edýän birnäçe ýöriteleşdirilen dükanlarynyň sanynyň üstüne, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda hem söwda nokadyny açmaklyk meýilleşdirilýär.

Bu iri önümçilik kärhanasynyň gurluşygy tapgyrlaýyn amala aşyryldy. 1995-nji ýylda reňk beriji we dokmaçylyk, 1997-nji ýylda bolsa egirme we tikinçilik fabrikleri işe girizildi. Bu önümçilikde 3 müňe golaý adam zähmet çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň