UEFA Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyrynda garaşylmadyk ýeňliş

14:1516.09.2020
0
4588

UEFA Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyrynda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Portugaliýanyň güýçli wekili “Benfika” topar myhmançylykda grekleriň PAOK klubundan 2-1 asgyn gelip, ýaryş bilen hoşlaşdy. Grek toparyna ýeňiş getiren gollary Jiannulis bilen Ziwkowiç derwezä girizdi. “Benfikanyň” ýeke-täk goluny bolsa, 90+4-nji minutda Rafa öz adyna ýazdyrdy. “Benfika” topary ýoluny Ýewropa ligasynda dowam eder. PAOK bolsa pleý-off tapgyrynda Russiýanyň “Krasnodar” kluby bilen duşuşar. 1 duşuşyk esasynda geçirilen 3-nji saýlama tapgyrynyň çäklerinde “Dinamo Kiýew” golland topary “AZ Alkmaary” Rodriges we Şaparenkonyň gollary bilen 2-0 utdy. “Gent” bolsa “Rapid Wienden” 2-1 üstün çykyp, pleý-off tapgyrynda “Dinamo Kiýewiň” garşydaşy boldy. Şu gün 3-nji saýlama tapgyrynyň çäginde ýene-de 4 duşuşyk oýnalar (“Ferençwaroş”–“Dinamo Zagreb”, “Garabag”–“Molde”, “Omonia”–“Srwena Zwezda”, “Midtýulland”–“Ýang Boýz”).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň