Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda täze hojalyklaryň 2 müňüsine tebigy gaz çekildi

11:5516.09.2020
0
706

Üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýatynda tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 2 müňe golaý köpeldi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gaz geçirijileri, esasan, täze gurlan jaýlara, täze peýda bolýan ilatly ýerlere çekildi. Netijede, welaýat boýunça tebigy gaz çekilen hojalyklaryň sany 209 müňe golaýlady.

Ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu hususy hojalyklary tebigy gaz bilen üpjün etmegi-de içine alýar. Ilata «mawy ýangyç» arzan bahadan berilýär. Häzire çenli gurlan dürli basyşly gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 8,4 müň kilometrden geçýär. Gaz paýlaýjy beketleriň 450-den gowragynyň, gaz sazlaýjylaryň 3,8 müňüsiniň sazlaşykly we ygtybarly işlemeginiň netijesinde, welaýatyň iň çetki ilatly ýerlerine hem tebigy gaz bökdençsiz berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň