Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Minnihanowy ilkinjileriň hatarynda gutlady

15:3715.09.2020
0
5428

Bilelikdäki ykdysady taslamalar we olaryň geljegi barada şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ýolbaşçysy Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowy Tatarystanda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň sebit derejesinde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek baradaky başlangyçlary gepleşikleriň özenini düzdi diýip, Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Liliýa Galimowa habar berdi.

Rustam Minnihanow kärdeşine mähirli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi, Oňa mundan beýläk-de üstünlik, ähli türkmenistanlylara abadançylyk arzuw etdi.

Minnihanow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda 83,28% ses alyp, ýeňiş gazandy. 

Tatarstanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň kasam kabul ediş dabarasy 18-nji sentýabrda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň