Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow 11-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda deňiz flotuny giňeltmek, Hazar deňziniň gurşawyny goramak, pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň söwda flotunyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, suw ulaglaryny döretmek boýunça innowasion taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe häzirki zaman gämileri satyn alyndy we ulanmaga berildi. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.
Deňizde gämileriň halkara ýüzüşleriniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, olaryň işini halkara ölçeglere laýyklykda guramak boýunça çäreleriň çäklerinde Halkara klassifikasion jemgyýetleriniň sanyny artdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. Hasabatyň dowamynda wise-premýer pudagy sanlylaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler barada-da hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategiki ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi yklymara ýük gatnawlarynyň logistika ulgamynda düýpli özgertmelere getirer hem-de Türkmenistanyň ýük düşürilýän-ýüklenilýän terminallary has gysga we bähbitli gatnawlar üçin iň amatly merkeze öwrüler.
Milletiň Lideri ulag-kommunikasiýa toplumyny 2025-nji ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, porta getirilýän hem-de äkidilýän ýükleriň elektron hasaba alnyşyny ýola goýmak, ýükleri awtomatik usulda ýüklemek we düşürmek, milli deňiz söwda flotuny giňeltmek meselelerini öwrenmek hem-de onuň gämileriniň täze halkara gatnaw ugurlaryny açmak boýunça möhüm wezipeleriň öňde durýandygyny aýtdy.
Kuwwatly söwda flotuny döretmek işleriniň depginlerini güýçlendirmek üçin deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary jemlemegi tabşyrdy.