Soňky habarlar

Arhiw

«Galatasaraýyň» prezidenti türkmen futbolçylary bilen gyzyklanyp biljekdiklerini aýtdy

12:2307.09.2020
0
21505

Azerbaýjanyň CBC Sport teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkiýäniň iň meşhur klublarynyň biri bolan «Galatasaraýyň» prezidenti Mustafa Jengiz gejekde klubyň skautlarynyň oýunçy gözlemek üçin Türkmenistana hem gelip biljekdigini aýtdy. Bu barada «Fotomaç»-yň habarynda aýdylýar.

Söhbetdeşlikde Prezidentden «Azerbaýjandan oýunçy transfer etmegi meýilleşdirýärsiňizmi?» diýip soraldy. Mustafa Jengiz bu sowala: «Biziň öz çeşmelerimize öwrülip barmagymyz gerek. Skautlarymyzyň Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan ýaly döwletlere baryp, zehinli oýunlaryň oýuna tomaşa etmegi we olary tapyp bize teklip bermegi gerek. Geljekde bu babatda hem işleri amala aşyryp bileris» diýip, jogap berdi.

Häzir «Altyn asyrda» çykyş edýän goragçy Zafar Babajanow Türkiýede futbol oýnan iň soňky türkmenistanly futbolçydyr. Ol 2013-nji ýylda «Kartalspor»-uň düzüminde çykyş edipdi. Zafar Babajanow Birinji liga wekilçilik edýän toparda ýedi duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň