Aşgabatda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti geçirildi

23:5705.09.2020
0
17355

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy — diýip, TDH habar berýär.

Zehinli çagalaryň bäsleşigine Watanymyzyň dürli künjeklerinden köpsanly çagalar gatnaşýar. Olaryň hatarynda umumybilim berýän, sazçylyk mekdepleriniň, şeýle hem döredijilik merkezleriniň okuwçylary bar.

Saýlama tapgyrlarynda seçilip alnan zehinli çagalar paýtagtymyza geldiler. Bäsleşige gatnaşmak üçin Watanymyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň müňlerçesi deslapky tapgyrlara gatnaşdylar. Jemleýji bäsleşige gatnaşmaga çagalaryň 15-si hukuk gazandy.

Ir bilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine gatnaşyjylar Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň nyşany - Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.

Bäsleşigiň jemleýji konserti paýtagtymyzyň merkezi konsert sahnasy bolan Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýerde estrada ýyldyzlarynyň, şol sanda daşary ýurtly artistleriň çykyşlary boldy.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan edebi-sazly waspnamada ýurdumyzyň asylly ýörelgeleri beýan edildi. Ol konsertiň açylyşy boldy. Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen zehinli çagalar türkmen we daşary ýurt dillerinde ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdiler.

Çagalygyň ajaýyp baýramçylygyna öwrülen jemleýji bäsleşikde bu günki dabaranyň myhmanlaryna hem nobat berildi. “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şeýle hem konsertiň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň gutlag çykyşlary, şeýle hem her ýylda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijisiniň we “Ruhubelent çagalar” tans toparynyň çykyşlary bäsleşige gatnaşýanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Ýaş zehinleriň özboluşly çykyşlary, olaryň joşguny tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Olar şowhunly el çarpyşmalary bilen ýaşajyk artistleriň sag bolsunlaryny ýetirdiler.

Eminler toparyna iň ökdeleri seçip almak ýeňil düşmedi. Çykyşlaryň jemleri boýunça bäsleşikde ýeňiji bolan alty çaganyň atlary yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Şeýle hem jemleýji bäsleşige gatnaşan ýaş zehinleriň hemmesine döwlet Baştutanynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş zehinleriň jemleýji konsertinde “Arkadagly Watanyň bagtyýar balasy” atly aýdym bu günki konsertiň jemini jemledi. Ony artistleriň hemmesi bilelikde ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň