Soňky habarlar

Arhiw

Bilelikdäki türkmen-rus mekdebine Sankt-Peterburgyň gubernatoryndan sowgat gowşuryldy

13:0201.09.2020
0
24044

Şu gün A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi A.W.Blohin hem gatnaşdy. Ol bu mekdebe Sankt-Peterburgyň gubernatory A.D.Beglowyň adyndaky robot tehnikasy boýunça işleýän döwrebap okuw enjamlaryny gowşurdy.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Tomusky dynç alyş döwründe bu mekdepde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Bu işleri «Gazprom» paýdarlar jemgyýetiniň ýardam bermeginde «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň işgärleri alyp bardylar. Bejeriş işleri Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň görkezmesine laýyklykda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň