Soňky habarlar

Arhiw

Uzak arakesmeden soňra Malaýziýanyň çempionaty dikeldildi

15:5931.08.2020
0
5084

Arakesmeden soňra Malaýziýanyň futbol çempionaty dowam edýär. Bu barada ýurduň futbol ligasynyň resmi saýty habar berdi.

Malaýziýada möwsüm 16-njy martda saklanypdy. Superliganyň wekili PDRM-iň hatarynda türkmenistanly goragçy Şöhrat Söýünow bilen ýarym goragçy Serdar Geldiýewiň çykyş edýändigini ýatladýarys.

Türkmen futbolçylarynyň wekilçilik edýän topary arakesmeden soňky ilkinji duşuşygyny «Kedah» bilen geçirdi. 5-nji tapgyryň çäginde Kuala-Lumpu şäherinde — PDRM-iň meýdanynda bolan duşuşyk garşydaş toparyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. 5 duşuşykda 1 utuk gazanan PDRM ýaryşyň 12-nji basgançagynda barýar.

Bu ýyl Malaýziýanyň Superligasynda we Premýer ligasynda käbir üýtgeşmeler bolar. Möwsüm bary-ýogy bir aýlawdan ybarat bolar we 10-njy oktýabrda 11-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar. Ýurduň kubogy ugrundaky ýaryş hem toparçalaýyn görnüşde geçiriler. Oňa Superliganyň 11, Premýer liganyň bäş wekili gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň