Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen estradasynyň täze ýyldyzlary ýüze çykaryldy

23:5529.08.2020
0
15341

Paýtagtyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy — diýip, TDH habar berýär.

Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň häkimlikleri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan bilelikde guralýan döredijilik bäsleşigi soňky ýyllarda estrada giňişliginde täze ýyldyzlaryň peýda bolmagyna ýardam etdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy şu gün dabaranyň öwüşginini artdyrdy.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. «Ýaňlan, Diýarym!» döredijilik bäsleşigine paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaş zehinli aýdymçylaryň 770-den gowragy, şol sanda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynda olaryň her haýsyndan ýaş aýdymçylaryň 10-sy çykyş etmäge hukuk gazandy. Düzgüne laýyklykda, her welaýatdan we Aşgabatdan zehinlileriň 2-si jemleýji tapgyra çykdy. Şu gün «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaş aýdymçylaryň 12-si — ýigitleriň 8-si we gyzlaryň 4-si duşuşdy.

Jemleýji tapgyra çykan zehinlileriň agramly bölegi sungat mekdeplerinde ilkinji aýdym-saz bilimine eýe bolup, oba Medeniýet öýlerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şol toparlarda döredijilik bilen meşgullanmak, zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykmak üçin aýdymçylaryň çykyşlaryna emin agzalary olaryň bäş ugry boýunça baha berdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar onuň düzgünlerine laýyklykda, aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Şunda aýdymçynyň diňe sesi däl-de, eýsem, onuň ýerine ýetirijilik ussatlygy, artistligi göz öňünde tutuldy.

Ýene-de bir bellemeli zat, şu ýyl ses bermek we sesleri hasaplamak işi sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen geçirilmegi bolup, ol çözgütleri kabul etmekde ýüzgörmezlige ýardam etdi. Ine, şu gün hem emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk wezipe — ökdelerden ökdäni, has zehinli aýdymçylary saýlamak wezipesi durdy.

Dürli ýyllarda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileriniň ýerine ýetiren «Sungata sarpaňa sag bol, Arkadag!» atly aýdym döredijilik baýramynyň tolgundyryjy pursadyna öwrüldi.

Konsertiň dabaraly başlanmagy döredijilik bäsleşigini täsirli duýgular bilen gurşap aldy. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde açyk sahna meýdançasynda halk aýdymlary hem-de eziz Watanymyza, ene topragymyzyň gözelligine, söýgi we dostluga bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy. Olarda häzirki zaman sazlary we milli owazlar sazlaşykly utgaşdy.

Käbir aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlary tarapyndan ýazylan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olarda milli sungatymyzyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Aýdym-sazly çykyşlaryň özboluşly bezegine hem-de höwesjeň artistleriň ýerine ýetirijilik ukybyna tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen baha berdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanyp, gala-konsertiň jemleýji pursadyna öwrüldi. Milletiň Lideriniň başlangyjy we ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda halkymyzyň bähbidine, berkarar Watanymyzyň, onuň milli medeniýetiniň has-da gülläp ösmeginiň hatyrasyna ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Baýramçylygyň ahyrynda netijeler jemlenip, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Olar ýörite diplomlara hem-de döwlet Baştutanynyň adyndan gowşurylan baýraklara eýe boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň