Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň binalary «Altyn kölüň» kenarynda gurlar

23:5626.08.2020
0
19794

Şu gün — 26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy — diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalaryň taýýarlanandygy we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Özboluşly binagärlik çözgüdi bolan, bezeg aýratynlyklary, gurluşy boýunça tapawutlanýan hem-de ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej toplumlarynyň taslamalary taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, dynç alýanlar üçin amatly iki gatly kottej jaýlary, çagalar we sport meýdançalary, açyk ýüzüş howuzlary, akwaparklar, beýleki degişli desgalar gurlar.

Şunuň bilen birlikde, bu ýerde edara ediş binasynyň, lukmançylyk we söwda-dynç alyş merkezleriniň, beýleki degişli desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde zerur bolan inženerçilik-tehniki we ýol düzümine degişli desgalar gurlar.

Görkezilen taslamalara birnäçe anyk bellikleri aýdyp we degişli düzedişleri girizip, döwlet Baştutany zerur bolan gurluşyk serişdelerini netijeli peýdalanmak, olaryň uzak möhletleýinligini, berkligini, ekologiýa we gözellik ýagdaýyny nazara alyp, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meseleleri barada aýdyp, milletiň Lideri gök zolaklar we seýilgähler döredilende, ýerli aýratynlyklary göz öňünde tutmak, täzeçil işläp taýýarlamalary we tebigy bezeg serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda wise-premýere hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milletiň Lideri paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdaky gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşan ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bu işler tamamlanandan soň, “Altyn kölüň” kenarynda 17-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygyna girişmekleri barada anyk görkezmeleri berdi.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelýän «Altyn köl» döwrebap dynç alyş zolagynda bina edilýän desgalaryň täze guruljak Aşgabat-sitiniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow munuň bilen baglanyşykly meseleler babatda düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň