Täze okuw ýylyndan başlap, milletiň Lideriniň 2019-njy ýylda Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda, okuw dersi hökmünde italýan dili hem girizilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Munuň üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugy täze okuw gollanmasyny hem çap etdi.
Neşiriň ýazyşy ýaly, bu barada Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen bilim işgärleriniň maslahatynda habar berildi.