Miсrosoft 2030-njy ýyla çenli “nol galyndy” kompaniýasyna öwrülmegi meýilleşdirýär

22:1012.08.2020
0
1205

2020-nji ýylyň başynda indiki 10 ýylda uglerodsyz şereket bolmaklyk maksadyny düşündirýän Miсrosoft 2030-njy ýyla çenli “nol galyndyly” operasiýa ulgamyna geçmekligi niýetini mälim etdi.

“Nol galyndylaryň” emele gelmesi üçin “Miсrosoft Tegelek Merkezleri” döretmäge taýynlanýan şereket serwerlerini we enjamlaryny gaýtadan ulanmagy meýilleşdirýär.

“Nol galyndylaryň” maksady “Miсrosoft”-yň şu ýylyň başyndan bäri yglan eden daşky gurşawy goramak başlangyjynyň üçünji tapgyryny durmuşa geçirmekdir. 

Kompaniýa “uglerod, suw, ekoulgam, galyndy” ýaly dört esasy sözbaşy astynda ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde daşky gurşawyň durnuklylygy üçin öňde goýlan ägirt uly maksatlara ýetmeklik niýetine esaslanyp, işewür hyzmatdaşlaryny we müşderilerini goldaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň