Soňky habarlar

Arhiw

Goşa selfi kameraly 5G telefon

15:5904.08.2020
0
1241

Hytaýyň “Vivo” kompaniýasy öň tarapynda iki kamera sensory ýerleşdirilen 5G aýratynlykly smartfonyny tanyşdyrdy. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän “Vivo S7 5G” atly smartfonyň 6,44 dýuým ululygynda 1080 x 2400 piksel durulygynda AMOLED  ekrany bar. Telefonyň öň tarapynda 44 MP hem-de 8 MP durulygynda surata alýan kamera sensorlary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem ekranda barmagyň yzyny “okaýan” sensor bar. 8 GB wagtlaýyn ýat bilen üpjün edilen smartfon 128 GB (ýokary aýratynlykly görnüşinde 256 GB) hemişelik ýat bilen üpjün edilipdir. Telefonyň yz tarapynda 64 MP, 8 MP hem-de 2 MP durulygynda surata alýan kamera sensorlary ýerleşdirilipdir. Bu kameralar bilen 4K 30 FPS ýa-da 1080p 30 FPS durulygynda wideo düşürip bolýar. Telefon 8-nji awgustdan başlap müşderilere ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň