«Ýaňlan, Diýarym! ― 2020» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

15:4631.07.2020
0
4136
«Ýaňlan, Diýarym! ― 2020» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Baýram Ýazmämmedow bilen Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň medeniýet öýüniň akkompaniatory Babajan Hanmuradow «Ýaňlan, Diýarym! ― 2020» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyrynyň ýeňijisi boldular.

Bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky bölümlerinde saýlanan ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy gatnaşdy. Düzgünnama laýyklykda, olar saýlap alan aýdym-saz eserlerini sazly we sazsyz ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerindäki aýdym-saz gözden geçirilişiniň Lebap welaýaty boýunça ýeňijileri indi jemeýji synaga taýýarlanýarlar. Olar iň naýbaşy aýdymlar bilen bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş ederler. Geçen ýyl Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güljemal Taýlyýewanyň bu bäsleşigiň ýurdumyz boýunça ýeňijileriniň arasyna goşulandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň