Arhiw

Döwletmyrat Annaýew “Aşgabat” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi

11:4825.07.2020
0
11159

Ýerli hünärmen Döwletmyrat Annaýew ýurdumyzyň futbol çempionatynda çykyş edýän paýtagtymyzyň “Aşgabat” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu hünärmen bilen 1,5 ýyla niýetlenen şertnama baglaşyldy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

D.Annaýewden öň bu wezipede  Said Seýidowyň işländigini ýatladýarys.

Futbol çempionatymyzda çykyş edýän toparlaryň tälimçilerini diňe bir hünärmenler tanaman, eýsem-de, futbol janköýerleri hem gowy bilýändirler. Tanamazça-da däl. Olaryň aglabasynyň tälimçilik ýoly bir, ýa-da iki ýyl dowam etmeýär. Şonuň üçinem Ýokary liganyň toparlarynyň haýsyna bolsun parhy ýok, ýaş tälimçi geldigi hemmeler ondan täzelige garaşýar. Bu adaty ýagdaý. Futboluň täze akyma syrygmagy üçin bu şeýle-de bolmaly. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly bu ýagdaý garaşylýan netijäni-de berýär.

Ine, paýtagtymyzyň “Aşgabadynyň” baş tälimçisi wezipesine ýaş, geljegine umyt bildirilýän hünärmen Döwletmyrat Annaýewiň bellenilmegi hem bu toparynyň oýnundan täzelige garaşmaga umyt döredýär.

Ýeri gelende bellesek, D.Annaýew uly futboldaky karýerasyny 2018-nji ýylda birinji ligada çykyş edýän “Köpetdag II” toparynda başlapdy. Ol bu topar bilen şol ýyl birinji ligany ýeňiş bilen tamamlapdy.

Şeýle-de, bu hünärmen 2019-njy ýylda Bişkegiň “Dordoý” toparynda tejribe geçipdi. Şu ýylyň birinji ýarymynda bolsa Ýokary ligada çykyş edýän “Köpetdag” toparynda baş tälimçiniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiripdi.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” toparynyň ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyny bäşinji orunda tamamlandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzyň topary geçiren duşuşyklarynda 17 utuk toplamagy başardy.

25-nji awgustda badalga berilýän futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň çäginde “Aşgabat” myhmançylykda “Şagadam” bilen duşuşar. Bu duşuşyk 26-njy awgustda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň