Soňky habarlar

Arhiw

Keçe bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

17:3516.07.2020
0
1437

Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» myhmanhanasynyň giň howlusynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi ― diýip, «Balkan» gazeti habar berýär.

Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Milli keçelerimiziň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, gelin-gyzlarda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, zenanlar keçe taýýarlamakda peýdalanylýan gadymy gurallar, ulanylýan usullar barada aýtdylar. Keçe salmakda ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň dowam etdirilişini gürrüň berdiler. Keçe üçin gerekli bolan güýz ýüňüni saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, pişgäni işmek, keçe ýazyljak gamşy taýýarlamak ýaly işleri birin-birin düşündirdiler hem-de şol işleri ýerine ýetirdiler. Berlen wagtyň dowamynda keçe güllemekde we basmakda birek-birekden kem durmadylar. Bir tarapy nagyşlanýan keçeler bilen iki tarapy nagyşlanýan keçeleriň tapawudy, olara salynýan nagyşlaryň görnüşleri hakynda gürrüň berdiler. Keçe hakyndaky aýtgylary, nakyllary, yrymlary, onuň nagyşlary, görnüşleri baradaky rowaýatlary aýtdylar. Keçä gerek bolan ýüňleriň boýaglarynyň tebigatymyzda ösýän ot-çöplerden alynýandygy barada ene-mamalarymyzdan şu günlerimize gelip ýeten gyzykly gürrüňleri aýdyp berdiler. Ösüp gelýän ýaş nesilleri, aýratynam gyz çagalary el işlerini ýerine ýetirmegiň düzgünleri esasynda terbiýelän halkymyzyň durmuş hakykatlaryndan ugur alandyklaryny we şolaryň häzirem dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Bäsleşikde Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy Doýduk Ýazmämmedowa birinji, Türkmenbaşy etrabynyň Gürje oba medeniýet öýüniň müdiri Orazbagt Arazgeldiýewa ikinji we Serdar etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülsoltan Öwezowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň