Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym! ― 2020» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

14:1915.07.2020
0
2847

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2020» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi.

Höwesjeň aýdymçy ýaşlar üçin özboluşly sungat baýramçylygyna öwrülen telebäsleşige deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ýaş zehinler gatnaşdylar. Bäsleşigi welaýat häkimligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Telebäsleşigiň welaýat tapgyrynda Kaka etrabynyň Gowşut oba medeniýet öýüniň medeni çäreleriň guramaçysy Jennet Çaryýewa hem-de Babadaýhan etrabynyň Garawekil oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Saparmyrat Ataýew öňe saýlandylar we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň