BTS rekordy täzeledi

12:2007.07.2020
0
368
BTS rekordy täzeledi

Koreýa Respublikasynyň dünýä belli aýdym-saz, K-pop topary BTS 103 ýurtda “iTunes”-iň sanawynda 1-nji orna çykyp, rekord goýdy. Toparyň “Black Swan” atly aýdymy 103 ýurtda iň öňdäki orny eýeledi. Şunlukda, BTS topary iňlis aýdymçysy Adeliň rekordyny täzelemegi başardy. Meşhur zenan aýdymçy 102 ýurtda 1-nji orny eýeläp, 5 ýyldan bäri rekordy özünde saklap gelýärdi. “Black Swan” aýdymy BTS toparynyň fewral aýynda çykaran “Map of Soul: 7” atly albomyndaky aýdymlaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň