Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at dakyldy

21:2828.06.2020
0
5981
Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at dakyldy

«Watan» habarlar gepleşiginde (28.06.2020) habar berlişi ýaly, Ozodbek Ahmadowiç Nazarbekowa bu hormatly at Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri we hünär ussatlygy göz öňünde tutulyp dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň