Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirdi

23:5726.06.2020
0
15676

26-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda:

degişli Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleri çözmek bilen baglylykda, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler;

halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň karz beriji edaralary tarapyndan döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary esasynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak;

2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler;

«Türkmenistanyň deňiz portlarynda nebit we nebit önümleri bilen ýük dolanyşygynyň tertibini» kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler;

ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy;

elektroenergetika ulgamynyň kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgamyň, hususan-da, poçta gullugynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça görülýän çäreler;

milletiň Lideriniň ýurdumyzyň sebitlerine bolan iş saparlarynyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi jemlemek hakynda alnyp barylýan işler;

täze häzirki zaman bilim toplumlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler;

Türkmenistanyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge, demokratik institutlaryny milli däplerimize hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda berkitmäge gönükdirilen özgertmeleriň hukuk taýdan üpjün edilişi bilen bagly meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň