Medeniýet hepdeligi ― 2020: birinji gün

17:0923.06.2020
0
1028

22-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Medeniýet hepdeligi — 2020-niň açylyş dabarasy Ruhyýet köşgüniň öňündäki Görogly meýdançasynda geçirildi. Bu ýerde Gündogar äheňlerinde sergi hem gurnaldy. Ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň konserti ýaýbaňlandyryldy.

Günüň ikinji ýarymynda şäheriň Dostluk seýilgähinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem muzeý gymmatlyklary görkezildi.

Döredijilik çäresiniň birinji güni Görogly meýdançasynda açyk asmanyň astynda belli aýdymçylaryň gatnaşmagynda guralan «Bitarap Watanym — ýürek joşgunym» atly uly baýramçylyk konserti bilen jemlenildi.

23-nji iýunda Medeniýet hepdeligi — 2020-niň çäklerinde çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik agşamy geçiriler, «Beýik Ýüpek ýoly» çeper filminiň görkezilişi bolar.

Hepdelige gatnaşyjylar welaýatyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen hem tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň