Soňky habarlar

Arhiw

Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy türkmen hususyýetçilerine ynanyldy

23:3719.06.2020
0
11303

Wise-premýer Ş.Durdylyýew 19-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň 2-nji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Türkmneistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewralyndaky Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan her biri ýylda 1 million tonna sement öndürýän iki sany sement zawodyny, ýagny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrlaryny gurmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirildi.

Onuň jemleri boýunça «Beýik-Bina» hususy kärhanasynyň hem-de «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň beren teklibi saýlanyp alyndy. Agzalan desgalar toplumynyň gurluşyk taslamalaryna we hödürlenen baha tekliplerine Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi we oňyn netijenama alyndy.

Täze sement zawodlarynyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlap, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň