Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görülýär

11:5315.06.2020
0
7180

12-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi — 2020-ä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda guramak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Wise-premýer döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeligine hem-de beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelýän hünär baýramçylygyna uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýändiklerini aýdyp, Daşoguz welaýatynda meýilleşdirilen dürli çäreler barada hasabat berdi.

Giň gerimli medeni çäräniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň «Nejep oglan» operasynyň ilkinji görkezilişi-de bolar. Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Mejlisiň dowamynda milletiň Lideri 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň